
Serdar Berdimuhamedow 4 aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde şu ýylyň dört aýynda ýurtda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Hökümet mejlisinde ilki milli Parlamentiň ýolbaşçysyna söz berildi. Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy pugtalandyrmak maksady bilen, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Şunda geçen 4 aýda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 8-siniň, Mejlisiň kararlarynyň 9-synyň kabul edilendigi, hereket edýän käbir kanunlaryň degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek arkaly kämilleşdirilendigi, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň 5-siniň kabul edilendigi, Mejlisde Türkmenistandaky daşary ýurt wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 19-synyň geçirilendigi, Mejlisiň deputatlarynyň we hünärmenleriniň kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça ýurduň degişli döwlet edaralarynyň BMG-niň düzüm birlikleri hem-de beýleki abraýly halkara guramalar bilen bilelikde guralan okuw maslahatlarynyň 36-syna gatnaşandyklary, milli parlamentiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 11-siniň amala aşyrylandygy barada aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtda täze kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň, olaryň kämil, döwrebap bolmagyny gazanmagyň möhümdigini belledi.
Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri, halkara gatnaşyklar barada hasabatlary berdiler.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Hökümet mejlisiniň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow 9-njy maýda uly baýramyň — 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň giňden belleniljekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutany Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gahrymanlary hatyralap, gül goýmak çäresiniň geçiriljekdigini belledi we pursatdan peýdalanyp, Ministrler Kabinetiniň agzalaryny hem-de ähli türkmen halkyny Ýeňşiň 80 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hökümet agzalary hem Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna mähirli gutlaglaryny beýan etdiler.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.