Gazagystanda bond ammarlary peýda bolar
Gazagystanda bond ammarlary peýda bolar. Ýurduň Ulag ministrligi bu barada degişli başlangyjy öňe sürdi.
Ministrligiň habar bermegine görä, bond ammarlary Gazagystana üstaşyr ýük daşamalaryň möçberleriniň artmagy, şeýle hem Hytaý bilen wizasyz tertibiň girizilmegi bilen baglylykda zerur bolup durýar. 2029-njy ýyla çenli bu ammarlaryň umumy göwrüminiň bir million tonna ýetmegine garaşylýar.
Bond ammarlary gümrük taýdan resmileşdirilmedik ýükleri saklamak üçin niýetlenendir. Bond ammarlaryndaky harytlar üçin gümrük paçlary we ýygymlary haryt satyn alnandan soňra tölenilýär. Munuň özi harytlaryň satyjydan sarp edijä eltip berilýän möhletini gysgaltmaga mümkinçilik berýär. Bond ammarlarynda harytlary saklamagyň möhletine çäklendirme ýok.
Geçen ýylyň aýagyndan bäri Gazagystanda ammarlar ýetmezçilik edip başlady. Häzir ýurtda ammarlaryň bir göterimden azyragy boşdur.