Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň täze saýlanylan Federal Kanslerini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri wezipesine saýlanylmagy mynasybetli Fridrih Merse mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany iberen hatynda häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny aýdyp, bu gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Federal Kansler Fridrih Merse tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de täze wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.