Ýerewanda deňze çykalgasy bolmadyk, ösüp barýan ýurtlaryň ministrler derejesindäki duşuşygy geçirilýär

Ýerewanda deňze çykalgasy bolmadyk, ösüp barýan ýurtlaryň ministrler derejesindäki duşuşygy geçirilýär.

 

Bu duşuşyk Ermenistanda BMG bilen bilelikde geçirilýän iň iri çäreleriň biridir. Oňa 30-dan gowrak daşary ýurt wekiliýetleri, şol sanda Botswananyň we Nepalyň daşary işler ministrleri, Zimbabweniň, Eswatininiň we Lesotonyň ulag ministrleri, Malawiniň syýahatçylyk ministri, Gruziýanyň we Paragwaýyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň ulag ministrleriniň orunbasarlary gatnaşarýarlar.

 

Bu çäre 2024-nji ýylda Ruandanyň Kigaly şäherinde geçjek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk, ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň öňüsyrasyndaky resmi duşuşygydyr.

 

2022-nji ýylyň awgust aýynda deňze çykalgasy bolmadyk, ösüp barýan ýurtlaryň ministrler derejesindäki ulag boýunça maslahaty Hazar deňzindäki Awaza mili syýahatçylyk zolagynda geçipdi. Şonda BMG-niň howandarlygynda geçirilen bu çäre 40-a golaý ýurtlaryň we ulag, durnukly ösüş hem-de maliýeleşdirmek babatda iş alyp barýan 30-dan gowrak halkara guramalarynyň wekillerini bir ýere jemledi.