Türkmenistan - ÝB: ýakyn wagtda geçiriljek 2023/2024 forumlaryň gün tertibinde ulag we energetika

“Türkmenistan - Ýewropa Bileleşigi” adam hukuklary boýunça Dialog görnüşindäki nobatdaky 15-nji duşuşyk Brýusselde geçirilýär. 19-njy dekabrda Belgiýanyň paýtagtynda Türkmenistan-ÝB bilelikdäki toparyň söwda we ykdysadyýet ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 22-nji mejlisi geçiriler. Toparyň 21-nji mejlisi 2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilipdi.

 

Türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Brýusselde geçiriljek Ulag boýunça maýa goýum forumyna hem gatnaşar. Ýewropa komissiýasy tarapyndan gurnalan bu forumda yklymyň iki sebitiniň - Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky durnukly ulag aragatnaşygyny gowulandyrmaga gyzyklanma bildirýän jemgyýetçilik we hususy pudagyň wekilleri, maýadarlar birleşerler.

 

Bu çäre, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky tarapyndan amala aşyrylan we 2023-nji ýylyň 30-njy iýunynda neşir edilen Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky durnukly ulag aragatnaşyklary baradaky ÝK-niň ozalky gözleginiň dowamydyr.

 

Bu gepleşikiň dowamy hökmünde indiki ýylyň ikinji çärýeginde döwlet edaralaryndan şeýle-de hususy ulag we logistika kompaniýalaryndan ulag pudagy boýunça hünärmenleriň duşuşygyny guramak meýilleşdirilýär. Bu simpoziumy Aşgabatda geçirmek baradaky teklip 23-nji oktýabrda Lýuksemburgda geçirilen Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň 19-njy duşuşygynda yglan edildi we duşuşyga gatnaşyjylaryň bilelikdäki Beýanatynda görkezilişi ýaly makullandy.

 

Bu çäreler barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer we Türkmenistanyň daşary işler ministri Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ÝB bilen özara gatnaşyklar barada hasabat berip, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde ÝB-niň degişli gurluşlary bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak we energetika pudagynda tejribe alyşmak üçin duşuşyklary guramak boýunça teklibi hödürledi.

 

Şeýle hem 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär.