Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş saparynyň barşynda Gahryman Arkadag täze şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, bu ýerde gurulýan seýilgähiň çäklerinde oturdylmagy meýilleşdirilýän dürli görnüşli şekilleri we germewleriň görnüşlerini synlady hem-de birnäçe degişli maslahatlaryny berdi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň, şeýle hem durky täzelenýän desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri üçin zerur bolan Gün panelleriniň görnüşleri bilen hem tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, şeýle hem bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň görnüşleri barada şekil taslamalaryň üsti bilen hasabat berdi.

Görkezilen taslamalaryň hatarynda Ahalteke atlary şaýolunyň ugrunda oturdyljak ýol belgileriniň, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri we beýleki şekiller, metjidiň gurluşygynyň özboluşly aýratynlyklary, onuň bezeg serişdeleri, täze şäherde gurulýan awtomenziliň we demir ýol menziliniň şekil taslamalary, Gökdepe şaýolunyň ugrunda durky täzelenýän köpriniň görnüşleri bar.

Gahryman Arkadag şekil taslamalary synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Aýratyn-da, köpriniň içki bezeg işlerinde ulanylýan şekillere birnäçe bellikler aýdyldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny çaltlandyrmagyň, binalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny aýtdy.