Täzeden dikeldilen “Il-96” ýük uçary Türkmenbaşydan Moskwa ilkinji uçuşyny amala aşyrdy

“Sky Gates Airlines” (“Red Wings” kompaniýasyna degişli) ýük awiakompaniýasy uzak uçuşlara niýetlenen “Il-96-400Т” kysymly uçaryna ýyllyk dikeldiş-abatlaýyş işlerini geçirenden soň, ulanmaga goýberdi.

 

“Red Wings” awiakompaniýasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ýük uçary Türkmenbaşy – Moskwa ugry boýunça ilkinji täjirçilik uçuşyny amala aşyryp, ilatyň sarp edýän ýüklerini “Žukowskiý” howa menziline getirdi.

 

“Biz içerki ugurlarda we dostlukly döwletler bilen eksport-import gatnaşyklarynda ýük daşamalary bazaryny ösdürmek üçin iňyn mümkinçilikleri görýäris” diýip, awiakompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Solodilin aýdýar.

 

“Red Wings” şu ýylyň awgustynda “Sky Gates” awiakompaniýasyna eýeçilik etmegi öz üstüne aldy. Çäklendirmeler girizilmezden ozal, “Sky Gates” awiakompaniýasynyň parkynda iki sany “Boeing 747” uçary bardy. Awiakompaniýa indi rus awiatehnikasynyň, şol sanda “Il-96” we “Tu-204/214” kysymly uçarlarynyň hasabyna öz işini has-da giňelder. 

 

Täzeden dikeldilen Russiýanyň ulag awiasiýasynyň esasy nusgasy “Il-96-400T” uçary giň göwrümli uçarlaryň maşgalasy “Il-96” kysyma degişlidir. Onuň iň ýokary ýük göterijiligi 92 tonna bolup, ony 5 müň kilometr uzaklyga daşap bilýär. Uçar 40 tonna ýüki 12 müň kilometre çenli bökdençsiz äkidip bilýär.