Türkmen wekiliýeti owgan ministrleri bilen TOPH we TOP taslamalary boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16-17-nji dekabr aralygynda Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

 

Daşary işler ministri Amir Han Mottaki, dag-magdan senagaty ministri Şahabutdin Delawar we senagat we söwda ministri Nuretdin Azizi bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Hususan-da, taraplar Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TOP) ýokary kuwwatly elektrik geçirijisiniň taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň häzirki ýagdaýyny we Owganystanyň demirýol infrastrukturasynyň giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Daşary işler ministrleri we iki ýurduň wekiliýetiniň agzalary türkmen we owgan kompaniýalary tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan energetika we ulag taslamalaryna hem baryp gördüler.