Türkmenistan ulag geçelgeleri boýunça ŞHG bilen işjeň hyzmatdaşlyga taýýar

Türkmenistan ŞHG bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin açyk we munuň üçin diňe bir anyk mümkinçilikler däl, eýsem obýektiw zerurlyk hem bar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň giňişleýin geňeşiniň mejlisinde aýtdy, mejlise türkmen Lideri hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Döwlet Baştutany harytlar we hyzmatlar bilen üpjün etmegiň yklymara hem-de sebitleýin üstaşyr ýollaryny gurmaga Türkmenistanyň ŞHG-niň bähbidine öz çägini we düzümini hödürlemek meselesini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem, kärdeşleriniň ünsüni Hazar ugruna we Türkmenbaşy deňiz portunyň mümkinçiliklerine çekdi.

Şunda ŞHG Hytaý - Merkezi Aziýa - Hazar deňzi - Gara deňiz ugry boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleriniň hem-de logistika ulgamynyň kemala gelmeginde işjeň orny eýeläp biler.

Şunuň bilen birlikde, Serdar Berdimuhamedow Baltika sebitindäki rus portlaryndan Pars aýlagyndaky, Arap deňzindäki we Hindi ummanyndaky deňiz terminallaryna çenli ýük daşalmagyny üpjün edýän ulag geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin bilelikde işlemäge Türkmenistanyň taýýardygyny mälim etdi.