Energetika, uglerodyň bitaraplygy, göni uçuşlar - Aşgabat-Tokio dialogynyň gün tertibinde

Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 13-16-njy dekabr aralygynda Tokioda iş saparynda boldy.

Türkmenistanyň wekilleri ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň agzalary bilen birnäçe duşuşyklary, şeýle hem Ýaponiýanyň döwlet edaralarynyň, guramalarynyň, maliýe institutlarynyň we öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler.

Gepleşiklerde ozalky gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň geljegi, energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikler, şeýle hem uglerodyň bitaraplygyna ýetmegiň ýolunda ýüze çykýan garşylyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň netijesinde iki ýurduň arasynda göni howa aragatnaşygyny ýola goýmak ýaly, birnäçe resminamalara hem gol çekildi.