2030-njy ýyla çenli Özbegistan awtoulag önümçiligini artdyrar

 

Özbegistan 2030-njy ýyla çenli awtoulaglaryň öndürilişini 1 milliona ýetirmegi maksat edinýär.

Bu awtomobil gurluşygyny we oba hojalyk maşyn gurluşygyny ösdürmegiň çäklerindäki teklipler bilen tanyşmak boýunça geçirilen maslahatda mälim boldy.

Şunuň bilen baglylykda, ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew “Uzawtosanoat” hojalyk jemgyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagyny çaltlandyrmagyň möhümdigini nygtady hem-de elektromobilleriň önümçiligine aýratyn üns berilmelidigini we olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryň önümçiliginiň ýola goýulmalydygyny belledi.

Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy awtoulag öndürijileri elektromobilleriň önümçiligine geçýärler. Geljek ýylda Özbegistanda ýylda 10 müň elektromobil öndürmäge ukyply zawod işe giriziler.

Çirçik şäherinde oba hojalyk ulaglaryny öndürýän önümçilik hereket edýär. Bu ýerde ýylda 15 müň traktor, tirkegler we beýleki tehnikalar öndürilýär.

Awtoulag senagaty Özbegistanyň senagatynyň möhüm pudaklarynyň biri bolup, soňky alty ýylda bu pudak depginli ösdürilýär.

Bu pudagyň ýurduň jemi içerki önümindäki paýy 2017-nji ýylda 0,6 göterimden, 2022-nji ýylda 1,1 göterime ýetdi.