
BMG Türkmenistanyň başlangyjy boýunça iki Kararnamany kabul etdi
19-njy dekabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 48-nji plenar mejlisinde Türkmenisatnyň başlangyjy esasynda energetika we ulag boýunça iki Kararnama kabul edildi.
“Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly kararnmanyň awtordaşy bolup 38 döwlet çykyş etdi.
Bu Kararnama ykdysady goşulyşmaga we durnukly ösüşe ýardam bermek, şol sanda hemmeler üçin arzan, ygtybarly we döwrebap energiýa çeşmelerine elýeterliligi üpjün etmek maksady bilen milli, sebit we ählumumy derejelerde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesini üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge çagyrýar.
Ozal Türkmenistan energiýa birikmesi we energiýa serişdelerini ibermek ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini we strategiýalary ara alyp maslahatlaşmak üçin 2024-nji ýylyň başynda Bilermenleriň halkara duşuşygyny geçirmegi teklip edipdi.
Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek” atly Kararnamanyň awtordaşy bolup 47 döwlet çykyş edti. Bu Kararnama BMG agza döwletleri durnukly ösüşiň ähli ugurlarynda ulag ulgamynyň we ulag infrastrukturasynyň bökdençsiz işledilmegini we pugtalandyrylmagyny üpjün etmäge çagyrýar.
Türkmenistana bu möhüm ugurda dialog üçin netijeli halkara meýdançalaryny döretmek başlangyjy degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, 2016-njy ýylda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty, 2022-nji ýylyň tomsunda bolsa, Türkmenbaşyda BMG bilen hyzmatdaşlykda guralan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag minisrtleriniň maslahaty üstünlikli geçirildi.