Türkmenistanda awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara topar döredildi

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara toparyny döretmek hakynda Karara gol çekdi we täze toparyň düzümini hem-de Düzgünnamasyny tassyklady.

Bu çözgüt ýurduň raýat awiasiýasynyň işini kämilleşdirmäge we bu ugurda işleriň utgaşykly alnyp barylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet telewideniýesi habar berýär.

Türkmenistanyň Howa kodeksine, “Ulag howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň degişli standartlaryna hem-de tejribesine laýyklykda, uçuşlaryň ýokary derejedäki howpsuzlygyny, durnuklylygyny, netijeliligini üpjün etmäge, bu ulgamda hukuk namalaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen utgaşykly işler geçirildi.