Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Prezidentileriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Şu gün Ulan-Batorda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada TDH habar berdi. Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha Mongoliýa döwlet sapary bilen gelip görmäge çakylygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi. Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, mongol kärdeşine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de Gahryman Arkadagyň Mongoliýanyň Prezidentiniň geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana amala aşyran döwlet saparyny we onuň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan Halkara forumyna işjeň gatnaşandygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mongoliýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi we giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidenti bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi bermäge gönükdirilendigini aýdyp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu ugurdaky maksatlara ýetiljekdigine ynam bildirdi.