
Birža söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.
Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 367 müň dollaryndan gowrak boldy.
Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, Türkiýäniň telekeçilerine arassalanan nah matanyň galyndylary ýerlenildi.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 88 million 437 müň manatdan gowrak bolan nebit ýol bitumyny, polipropileni we binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), şeýle hem portlandsementi, nah ýüplügi we nah matany, dokma önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar.