Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy futbol ýaryşyny geçirdi

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy «Sportuni» klubynyň we «Kartli» futbol merkeziniň gatnaşmagynda futbol ýaryşyny gurady. Bu çäre «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň çäklerinde geçirildi – diýip, ilçihananyň metbugat gullugy habar berýär.

Gruziýadaky Türkmenistanyň ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow ýaryşyň açylyş dabarasynda sport çäreleriniň geçirilmeginiň halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde we sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürmekde Türkmenistanyň syýasatynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýandygyny belledi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň aladasy bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar» - diýip, türkmen diplomaty nygtady.

Ilçi Türkmenistanyň garaşsyz we bitarap döwlet hökmünde sporty halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine gönükdirilýändigini aýratyn belläp geçdi.

Döwletmyrat Seýitmämmedow 2025-nji ýylyň 7-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze bilen geçirilen duşuşygyň ähmiýetini nygtap geçdi. Şol duşuşykda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Gruziýanyň Sport ministrliginiň arasynda sportda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi. Ilçiniň bellemegine görä, geçirilen futbol ýaryşy şol resminamanyň durmuşa geçirilmeginiň aýdyň mysaly bolup durýar.

Ýedi gün dowam eden futbol ýaryşy ähli gatnaşyjylaryň diplomlar bilen sylaglanmagy bilen tamamlandy. Ýaş futbolçylar owadan, täsir galdyryjy we bäsdeşlige ýugrulan oýny görkezdiler.