Türkmenistanyň Baş konsullygy Kazan şäherinde welosipedli ýöriş gurady

Şu gün Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsullygy tarapyndan Kazan şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýöriş geçirildi.

Kazanka derýasynyň gyrasynda ýerleşýän «Uram» ekstrim parkyndan başlap Kazan Kremline çenli dowam eden welosipedli ýörişe diplomatik wekilhananyň işgärleri we Kazan şäherinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň Kazan şäherindäki diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy dabaranyň açylyşynda çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan sport diplomatiýasynyň parahatçylygy we hoşniýetli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmegiň hem-de ekologiki medeniýeti kemala getirmegiň ýaş nesilleri terbiýelemekde möhüm ornunyň bardygy nygtaldy.