
Prezident Serdar Berdimuhamedow Mongoliýanyň Parlamentiniň Başlygy bilen duşuşdy
2-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik döwlet Huralynyň (parlamentiniň) Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda 1992-nji ýylda Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji döwlet saparynyň taryhy gatnaşyklar bilen halklaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrjakdygyna hem-de dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň giňelmegine ähmiýetli goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.
Parlamentiniň ýolbaşçysy Amarbaýasgalan Mongoliýanyň Beýik döwlet huraly bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň, şol sanda parlament dostluk toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmegiň tarapdarydygyny aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigini belläp geçdi hem-de iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we iki ýurduň ýaşlarynyň hem-de zenanlarynyň arasynda gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen maksadyny beýan etdi.
Taraplar hyzmatdaşlyk ugurlaryndaky başlangyçlary durmuşa geçirmek meseleleri, şeýle hem halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar diýip, MONTSAME habarlar agentliginiň maglumatyna görä, “Montsame” habarlar agentligi habar berýär.