
ATAOIL «Uzbekiston temir ýullary» bilen resmi taýdan strategik hyzmatdaş boldy
«ATAOIL» export ve tarım A.Ş. kompaniýasy «Uzbekiston temir ýullary» paýdarlar jemgyýeti bilen strategik hyzmatdaşlyk etmek baradaky şertnama gol çekdi we Özbegistanyň demir ýol kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili derejesine eýe boldy.
Resmi resminama laýyklykda, ATAOIL «Uzbekiston temir ýullary» we onuň ähli düzüm birlikleriniň adyndan çykyş etmäge ygtyýarly edildi. Bu birlikleriň hataryna «Metal guýujy-mehaniki zawod», «Daşkendiň mehaniki zawody», «Andižanyň mehaniki zawod», «Uztemirýulmaştamir» PJ we «Daşkendiň ýolagçy wagonlaryny gurmak we abatlamak zawodlary» girýär. Kompaniýa gepleşikleri alyp barmak, şertnamalary we geleşikleri baglaşmak, şeýle hem berlen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki işleri amala aşyrmak hukugyna eýe boldy.
Şertnama hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine alýar. Oňa ulag pudagynda taraplaryň bähbitlerini goramak, logistikanyň guralmagy we önümleriň satylmagy, hyzmatdaş tapmak, halkara tenderlere gatnaşmak hem-de tehniki we guramaçylyk taýdan goldaw bermek boýunça hyzmatdaşlyk girýär.