
Gazagystan-Türkmenistan-Eýran – Gündogar Aziýadan Pars aýlagyna çenli iň gysga ýol
Samarkantda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşykda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew we Eýranyň lideri Ybraýym Raisi geljekde üstaşyr gatnawy has-da artdyrmak üçin Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň mümkinçiliklerini ösdürmegiň wajypdygyny bellediler.
Duşuşykda Hazar deňzindäki ýurtlaryň portlarynyň arasynda yzygiderli parom gatnawlarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň zerurlygy hem bellendi.
Anna güni ŞHG-na agza ýurtlaryň baştutanlarynyň geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew: – “Gündogar Aziýadan Pars aýlagynyň ýurtlaryna iň gysga ýoly açýan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň uly mümkinçilikleri bar," – diýip aýtdy.
Şeýle hem, ol Gazagystanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygynyň depginli ösüşini belläp, sebit ýurtlarynyň özara baglanyşygyny üpjün etmäge gönükdirilen geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegini makullady.
Tokaýew: – "Biz Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky ulag ugurlaryny giňeltmek, Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar transýewraziýa geçelgelerini ösdürmek baradaky tagallalary goldaýarys" – diýdi.
"Umuman, biz bar bolan multimodal ulag geçelgelerini we logistika merkezlerini döwrebaplaşdyrmagyň we täzelerini döretmegiň tarapdary" – diýip, Gazagystanyň Prezidenti aýtdy.