Ýolçularyň Hökümetara geňeşiniň VII halkara awtomobilli ýörişi Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň çäginden geçer
Ýolçularyň Hökümetara geňeşi tarapyndan guralýan VII halkara awtomobilli ýörişi Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň çäginden geçer.
Awtomobilli ýöriş 2024-nji ýylyň 28-nji aprelinden 8-nji maýy aralygynda geçiriler. Onuň uzynlygy 2500 kilometrdir.
Awtomobilli ýörişiň ugry Baku-Guba - Azerbaýjanyň Russiýa bilen serhedi-Derbent-Mahaçkala-Astrahan-Russiýanyň Gazagystan bilen serhedi-Atyrau-Beýneu-Gazagystanyň Özbegistan bilen serhedi-Nukus-Hywa awtoýollary boýunça geçer.
Halkara awtomobilli ýörişiň çäklerinde Baku Mahaçkala we Nukus şäherlerinde üç sany halkara maslahat guralar, göçme halkara okuw maslahaty geçiriler. Şeýle hem ýerlerde awtoýol işini, awtomobil ýollaryň, köprüleriň taslamasyny taýýarlamagy, gurmagy we ulanmagy wagyz etmäge gönükdirilen duşuşyklar geçiriler.
Awtomobilli ýörişe gatnaşyjylary kabul edýän her bir ýurt olar üçin ýörite maksatnama guraýar. Hususan-da, gatnaşyjylar taryhy ýerlere, medeni we tehniki desgalara, şol sanda intellektual ulag ulgamlary toplumlaryna, awtoulag serişdeleriniň agramyny ölçemek nokatlaryna, serhet nokatlaryna, awtoýol gurluşyk desgalaryna baryp görerler.
Halkara awtomobilli ýöriş Ýolçularyň Hökümetara geňeşiniň 46-njy we 47-nji mejlislerinde kabul eden çözgütleri esasynda geçirilýär. Duşuşyklar 2023-nji ýylyň 24 aprelinde Duşenbe şäherinde (Täjigistan Respublikasy) we 2023-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Astana şäherinde (Gazagystan Respublikasy) geçirilipdi.