Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG 2026 – 2035-nji ýyllary Durnukly ulagyň onýyllygy diýip atlandyrdy

Iki hepde mundan ozal, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen ulag we energetika boýunça iki sany Kararnamany kabul etdi.

 

Bu Kararnamalar BMG-niň 6 resmi – iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dillerinde ýaýradyldy.

 

“Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek” atly Kararnama dünýäniň 47 döwleti awtordaş bolup çykyş etdi. “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamany bolsa, 38 döwlet goldap, awtordaşlyk etdi.

 

Ulag boýunça Kararnama

 

Ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça halkara resminama 2026 – 2035-nji ýyllary Durnukly ulagyň onýyllygy diýip yglan edýär. Kararnamanyň awtordaşlary Durnukly ulag boýunça BMG-niň 3-nji Ählumumy maslahatyny çagyrmak meselesine seretmäge we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrýarlar.

 

Resminama laýyklykda, esasy çäreleri şu ýylyň 24-nji noýabrynda bellenjek Bütindünýä durnukly ulag gününe gabatlap, Türkmenistanda geçirmek göz öňünde tutulýar.

 

Energetika boýunça Kararnama

 

Ikinji Kararnama dünýä ykdysadyýetiniň ýüzbe-ýüz bolýan energiýa töwekgelçiliklerini ýeňip geçmekde halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmegi göz öňünde tutýar. Hususanda, bu resminama energiýa serişdelerini serhetüsti iberilişiniň durnuklylygy we ygtybarlygyny üpjün etmäge çagyrýar.

 

Şeýle hem hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we häzirki zaman energetika serişdeleri üpjün etmekde hemmetaraplaýyn Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin 2026-njy ýylda Türkmenistanda “Hemmeler üçin durnukly energetika” atly 7-nji maslahaty geçirmek teklip edilýär. Bu Kararnama şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş sekretarynyň energetika meseleleri üns merkezinde bolan nobatdaky hasabatyny taýýarlamagy teklip edýär.