Türkmenistana bir aýyň içinde iki "Boeing" uçary getirildi
Türkmenistan raýat awiasiýasyny ösdürmek bilen bagly 2030-njy ýyla çenli kabul eden milli maksatnamasyna laýyklykda bu pudagy yzygiderli döwrebaplaşdyrýar. Türkmenistanyň awiasiýa parkyna raýat gatnawlaryna niýetlenen "Boeing 777-300" kysymly uçaryň nobatdakysy gelip gowuşdy.
Bu Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň gol çeken Karary esasynda soňky bir aýda Türkmenistana getirilen uçarlaryň ikinjisidir. Şeýle ýolagçy uçaryň ilkinjisi geçen ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabadyň Halkara howa menziline gonupdy.
Bi wagtda 368 ýolagça niýetlenen bu uçar özüniň ýokary amatlylygy we rahatlygy bilen tapawutlanýar. Uçaryň umumy orun sanynyň 40-sy biznes, 32-si premium-ekonom, 296-sy bolsa ekonom klaslara degişlidir.
"Boeing 777-300" kysymly uçaryň "GE90-115BL2" görnüşli iki hereketlendirijisi bolup, ol gonmasyz şol bir wagtda 40 tonna ýük goşlaryny almak bilen birlikde 11 müň 390 kilometri geçip bilýär.