Hytaý özüniň ýolagçy uçaryny şu ýyl daşary ýurtly hyzmatdaşlara hödürlär
2024-nji ýylda Hytaý daşary ýurtly müşderilere özüniň "COMAC C919" ýolagçy uçaryny hödürläp başlar. Häzirki wagtda bu görnüşli täze uçarlaryň diňe üçüsi yzygiderli ýolagçy gatnawlary amala aşyrýar.
"COMAC C919" uçarynyň Hytaýdan daşarda geçirilýän awiauçarlaryň dürli halkara şüweleňine işjeň gatnaşmagyna garaşylýar.
"COMAC" kompaniýasy şu ýyl öz önümini Ýewropada sertifikatlaşdyrmak isleýär.
“Comac C919” ýolagçy uçary Hytaýda taslamasy düzülen we gurlan iň uly uçardyr. Ol orta uzaklykdaky ugurlara uçuşlary ýerine ýetirmek üçin Hytaýyň awiagurluşyk korporasiýasy tarapyndan işlenip düzüldi.
Ululygy we aýratynlyklary boýunça “Comac C919” ýolagçy uçaryny “Airbus A320” uçary bilen deňeşdirip bolar. Uçar esasy we giňeldilen uçuş aralygyna (C919ER) niýetlenen iki görnüşde çykarylýar.
Uçaryň täjirçilik işi 2023-nji ýylyň ýazynda başlandy. Täze uçary ilkinji bolup Hytaýyň “China Eastern Airlines” awiakompaniýasy sargyt etdi.