"Flydubai" Türkmenistan bilen howa gatnawlaryny giňeltmäge taýýar

Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet awiakompaniýasy - "Flydubai" Türkmenistan bilen howa gatnawlaryny giňeltmek, şeýle hem bu ugurda işgärler düzümini taýýarlamak we maddy-enjamlaýyn ugurlarda ýurduň awiasiýa pudagy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr.

 

Bu barada "Dubai Aviation" korporasiýasynyň (Flydubai) täjirçilik direktory Hamad Obeýdalla türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda mälim etdi.

 

Duşuşygyň jemleri boýunça “Türkmenhowaýollary” agentliginiň hem-de “Dubai Aviation” korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilip, onda taraplaryň hyzmatdaşlyk meýilleri tassyklandy.