Eýranyň demir ýol kompaniýasy Türkmenistana we Russiýa bergisini berdi

“Eýran Yslam Respublikasynyň Demir ýollary” (RAI) edarasy Türkmenistanyň we Russiýanyň öňünde ähli bergilerini üzüp, bu ýurtlar bilen demir ýol ýygymlaryny sazlaşykly ýola goýdy. Bu barada degişli düzümiň ýolbaşçysy Miad Salehi mälim etdi.

 

“Russiýanyň we Türkmenistanyň öňünde 10 ýyldan bäri üzülmän galan halkara demir ýol belgileri berildi” diýip, Salehi mälim edýär.

 

Şeýle hem ol häzirki wagtda ýurtdaky käbir kompaniýalaryň “RAI” edarasyna bergilidigini belledi. Bu bergileriň berilmegi kompaniýanyň gülläp ösmegi üçin möhümdir.