Türkmenistanyň welaýat merkezleriniň dördüsinde täze awtomenziller açylar

Türkmenistanyň welaýat merkezleriniň dördüsinde – Türkmenabatda, Daşoguzda, Maryda we Balkanabatda täze ýolagçy awtomenzilleri ulanmaga bermäge taýýar edildi. Bu barada şenbe güni hökümetiň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew habar berdi.

Perronlary we terminallary bolan awtomenzilleriň häzirki zaman düzümleriniň döredilmeginden başga-da, olarda döwrebap tehnologiýalary, şol sanda hyzmatlary hödürlemekde hem-de petekleri onlaýn arkaly satmakda sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri geçirildi.

Her awtobusyň barýan ugry boýunça hereketine GPS ulgamy arkaly gözegçilik ediler, sürüjiler üçin ýol resminamasynyň elektron görnüşi göz öňünde tutuldy.