TEKNOFEST 2024-e gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edişligi başlady

TEKNOFEST 2024 awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwalynyň çäklerinde guralýan iri tehnologiýa ýaryşyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edişligi başlady.

 

Ýüz tutmalar 2024-nji ýylyň 20-nji fewralyna çenli kabul edilýär.

 

Tehnologiýa toparynyň türk gaznasynyň (T3 Foundation) hem-de Türkiýanyň Senagat we tehnologiýalar ministrliginiň ýolbaşçylyk etmeginde we jemgyýetçilik we media guramalar bilen hyzmatdaşlykda guralýan bu festiwal şu ýyl Adana şäherinde geçiriler. Onuň şygary “Gelejek — TEKNOFEST bilen sizsiňiz”.

 

Ýeňijiler 30 mln türk lirasy möçberindäki pul baýragyny we 55 mln türk lirasyndan gowrak maddy goldawy alar.

 

TEKNOFEST awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwaly — bu Türkýanyň taryhynda iň uly baýrak gaznasy bolan tehnologiýa ulgamyndaky iri ýaryş. Bu ýaryş raketalardan başlap, awtonom ulgamlara, oba hojalygynda, suw asty gämilere, uçarmansyz uçuş enjamlaryndan emele intellekta çenli ähli tehniki ulgamlarda geçirilýär.

 

2024-nji ýylda esasy ýaryş bilen 117 dürli ugurlardaky bäsleşikler geçiriler.