
Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm taraplary boýunça pikir alyşyldy.
Şonuň ýaly-da, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.