Awtoulaglarda halkara daşamalary üçin rugsatnamalary “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Türkmenulagözegçilik” kärhanasynyň ähli şahamçalarynda alyp bolýar

2024-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan başlap “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Türkmenulagözegçilik” döwlet kärhanasynyň şahamçalarynda daşary ýurtlaryň halkara daşamalary üçin rugsatnamalaryny resmileşdirip bolýar.

 

Bu täzeçillik awtoulagly daşamalary amala aşyrýanlar üçin giriş we çykyş amallaryny aňsatlaşdyrmaga, halkara ýük daşamalary üçin has amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

 

Resminamalary seljermek, rugsatnama bermek bölümleri Ahal welaýatynda hem-de Aşgabat şäherinde hereket eder. Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda bu hyzmaty ýol gözegçilik bölümleri amala aşyrar. Serhetlerdäki barlag-geçiriş nokatlarynda ýol gözegçilik gulluklary Özbegistana, Gazagystana we Azerbaýjana gitmek üçin rugsatnamalary resmileşdirer.

 

Türkmenbaşy halkara deňiz portundandaky geçiriş nokadyndan Artyk, Howdan, Sarahs, Garabogaz, Altyn Asyr, Daşoguz, Könürgenç, Gazojak, Farap, Ymamnazar we Serhetabat nokatlaryna çenli Azerbaýjanyň rugsatnamalaryny bermek we resmileşdirmek işleri “Türkmenulagözegçilik” döwlet kärhanasynyň degişli bölümleri tarapyndan amala aşyrylýar

 

Degişli bölümleriň salgylary we telefon belgieri:

 

Ahal welaýatynda we Aşgabat şäherindäkiresminamalary seljermek we rugsatnamalar bölümi:

Aşgabat, Arçabil şaýoly, 126.

Telefon: +993 12 39-02-61.

Serhet geçiriş nokadyndaky ýol gözegçilik gullugy:

Aşgabat, Arçabil şaýoly, 126.

Telefon: +993 12 39-02-74.

 

Balkan welaýatynda ýol hereketine gözegçilik etmek boýunça departament:

Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Beýik ýüpek ýoly köçesiniň ugrundaky ýolagçy awtoduralgasy.

Номер телефона: +993 61 08-86-62.

Daşoguz welaýatyndaky ýol gözegçilik bölümi:

Daşoguz welaýaty, Könürgenç şäheri, Ylham köçesi, 5-nji jaý.

Telefon: +993 322 6-64-95.

 

Lebap welaýatyndaky ýol gözegçilik bölümi:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheriniň 2-nji zolagynda Mary-Türkmenabat ýolunyň ugrunda ýerleşýän “Altyn asyr” awtomenzili.

Telefon: +993 61 94-54-44.

 

Mary welaýatyndaky ýol gözegçilik bölümi:

Mary welaýaty, Mary şäheri, Ýeňşiň 50 ýyllygy köçesi, 52-nji jaý

Telefon: +993 522 5-60-28.