Intel awtoulaglar üçin emeli intellekt çiplerini öndürýär

Dünýäde iň iri elektron enjamlaryny we kompýuter komponentlerini öndüriji Intel emeli intellekt tehnologiýalaryny awtoulaglarda ulanmaga mümkinçilik berýän çipleri çykarmaga başlandygyny habar berdi.

Bu çipleri ilkinji satyn alyjy Zeekr hytaý awtoulag kompaniýasy bolar.

Intel Automotive-iň baş menejeri Jek Uistiň aýtmagyna görä, bu çipler awtoulag öndürijilerine emeli intellektli ses kömekçilerini ulanmaga mümkinçilik berer. Bu çipler dürli soraglara jogap berer.

Şeýle hem bu tehnologiýa wideokonferensiýa funksiýalaryndan peýdalanmaga, awtoulagda sürüjileriň we ýolagçylaryň howply hereketlerine gözegçilik etmäge mümkinçilik berer.