Türkmenistanyň ýük gämileri Bakuwyň deňiz portuna 2024-nji ýylda ilkinji ýüzüşi amala aşyrdylar

“Türkmenistan” we “Magtymguly” atly ýük gämileri 2024-nji ýyldaky ilkinji halkara ýüzüşini Bakuwyň deňiz portuna amala aşyrdylar.

 

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynyň ilkinji günlerinde degişli gämileriň özleriniň ilkinji ýüzüşlerini amala aşyrmagy “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýylynyň başlanandygyny alamatlandyrdy.

 

Geçen ýylda “RO-PAX” görnüşli, awtoulag tirkeglerini we ýolagçylary daşaýan “Berkarar” we “Bagtyýar” parom gämileri Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Bakuwyň halkara deňiz söwda portunyň arasynda üznüksiz we işjeň ýük gatnawlaryny amala aşyrdylar. Bu gämileriň her biri bir ýüzüşinde degişli aralyga 54 sany ýük awtoulagy we 200 ýolagçyny 12 sagatda eltip bilýär.