Almatynyň howa menziliniň täze halkara terminaly iýun aýynda açylar

Almatynyň howa menziliniň täze halkara terminalynyň açylyşy 2024-nji ýylyň iýun aýyna meýilleşdirildi.

 

Taslamanyň durmuşa geçirilişiniň barşy baradaky täzelenen maglumat TAV Airports Holding kompaniýasynyň ýolbaşçysy Serkan Kaptanyň Gazagystanyň premýer-ministri Alihan Smailow bilen duşuşygynyň dowamynda beýan edildi.

 

Täze halkara terminalyň açylmagy ýolagçy gatnawlaryny artdyrmaga, uçuş ugurlaryny giňeltmäge, şeýle hem şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna täze ýokary hilli hyzmatlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

 

Täze halkara terminalyň işe girizilmegi bilen häzirki wagtda hereket edýän terminal diňe içerki gatnawlar üçin ulanylar.

 

Iki terminalyň bilelikdäki geçirijilik ukyby ýylda 14 million ýolagçy bolar, ýük daşamalarynyň möçberini bolsa, ýylda 100 müň tonna ýetirmek meýilleşdirilýär.