Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy: TOPH, täze howa menzili we beýleki taslamalar

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde "Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň" taslamasy döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi. Onda göz öňünde tutulýan taslamalar barada wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow hasabat berdi.

 

2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynda, hususanda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Balkan welaýatynda täze Halkara howa menziliniň, kuwwaty 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

 

Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, maýa goýumlar durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, bilim ulgamyna degişli orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler.

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň senagat pudaklarynyň ösdürilmegine, täze kärhanalaryň ýola goýulmagyna, azyk üpjünçiliginiň has-da gowulandyrylmagyna, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygynyň berk berjaý edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri özünde jemleýändigini belläp, wise-premýere onuň taslamasyna ýene-de bir gezek seretmegi tabşyrdy.