"Demirýollary" Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 15 sany ýokary kuwwatlykly täze dizel lokomotiwini satyn aldy

“Demirýollary” Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Hytaýyň CRRC Ziyang CO., LTD. kompaniýasyndan 15 sany täze dizel lokomotiwini satyn aldy.

Sişenbe güni ilkinji iki teplowoz Aşgabat demir ýol menziline geldi, galanlary 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli tapgyrlaýyn Türkmenistana gelmegini dowam etdirer.

Täze dizel lokomotiwleri Türkmenistanyň ulag potensialynyň durmuşa geçirilmegine, içerki we üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberini ýokarlandyrmaga, şeýle hem daşamagyň tizligini artdyrmaga ýardam berer.

Lokomotiwleriň her biri durnukly birikdirijide iki wagondan ybarat. Kuwwatly dizel hereketlendirijileri bilen enjamlaşdyrylan teplowozlaryň tizligi sagatda 100 km deň bolup, juda uly möçberlerde ýük daşama kuwwaty bilen tapawutlanýar. Täze lokomotiwleriň güýji Türkmenistanda öňden ulanylýan görnüşleri bilen deňeşdirilende, 1600 kWt ýokarydyr.

Şeýle hem, şu ýylyň noýabr aýynda Brýansk maşyngurluşyk zawodynda öndürilen teplowozlaryň bäş sanysy ýurdumyza getiriler.