2025-nji ýylda Maersk we Hapag-Lloyd kompaniýalary bilelikde iş alyp bararlar

Deňiz ulagy arkaly ýük daşamalary we port terminallaryny işletmek bilen meşgullanýan Maersk kompaniýasy (Daniýa) we Hapag-Lloyd ulag kompaniýasy (Germaniýa) bilelikdäki kärhanany dörederler.

 

2025-nji ýylyň fewral aýynda badalga beriljek bu hyzmatdaşlyk «GeminiCooperation» (Ekizleriň hyzmatdaşlygy) adyny aldy hem-de çeýe, ygtybarly we özara baglanyşykly okean ulgamyny döretmäge gönükdirilendir.

 

Hyzmatdaşlygyň çäklerinde Hapag-Lloyd we Maersk jemi göwrümi 3,4 million TEU bolan 290 gämini işlederler. Olaryň 60 göterimi Maerske 40 göterimi bolsa Hapag-Lloyda degişli bolar.

 

Maerskiň baş ýerine ýetiriji direktory Winsent Klerk kompaniýanyň Hapag-Lloyd bilen hyzmatdaşlyk etmäge örän şatdygyny belledi. Hapag-Lloyda bolsa kärhananyň işiniň netijeliliginiň ýokarlanjakdygyna ynam bildirdiler.

 

Amala aşyrylýan hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagy bilen birhatarda bu hyzmatdaşlyk iri ulag geçelgeleri boýunça üstaşyr ýük daşamalary tizleşdirmäge mümkinçilik berer.