Ýolagçy gämide Hazar deňzi boýunça ilkinji syýahat guralar

"Beýik Wolžsk ýoly" atly taslamanyň çäklerinde Hazar deňzi boýunça ilkinji ýolagçy gämili syýahaty guralar.

 

Ilkinji deňiz syýahaty Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Russiýanyň kenarýaka şäherlerine guralar.

 

Russiýaly we daşary ýurtly syýahatçylar 4 gatly "Beýik Pýotr" gämisinde degişli ugurlar boýunça syýahatdan lezzet alyp bilerler. Häzirki wagtda Astrahan oblastyndaky "Lotos" gämigurluşyk zawodynda bu gäminiň gurluşygy alnyp barylýar.

 

"Beýik Pýotr" gämisiniň gurluşygyna 2016-njy ýylyň awgust aýynda başlanypdy. Moskwanyň deňiz gämiçilik edarasynyň buýurmasy esasynda gurulýan gämi şu ýyl ulanmaga berler.