Aziýa Ösüş bankynyň bilermenleri Merkezi Aziýanyň ýollaryny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmagyň 4 ugruny mälim etdiler

Üstümizdäki ýüzýyllygyň ahyrynda Merkezi Aziýanyň howasynyň ortaça gyzgynlyk derejesiniň 2 gradusdan 5,7 gradusa çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Munuň netijesinde, 65 million ilatly sebitiň ýaşaýjylary az gaýtalanýan ygally, munuň ýerine has ýygy gaýtalanýan ýelli we tozanly we gurak howaly günlere döz gelmeli bolarlar.

 

Howanyň üýtgemegi gurak we ýarym gurak ýerlerden gök otly sähralara we daglara çenli sebitiň dürli landşaftlaryna uly täsir edýär. Deňze göni çykalgasy bolmadyk ýöne harytlaryň daşalmagy we adamlaryň hereket etmegi üçin möhüm ähmiýete eýe bolan Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň ulag infrastrukturasy üçin bu uly tebigy zeleldir.

 

Ýakynda Aziýa Ösüş banky tarapyndan neşir edilen beýanatda bu tebigy täsirlere garşy hereket etmekde, sebit ýurtlarynyň bar bolan ulag düzümlerini aýawly saklamakda we howpsuz ulag düzümini üpjün etmekde üns berilmeli ýagdaýlar barada giňişleýin durlup geçilýär. Onda bellenişi ýaly, Merkezi Aziýanyň ulag ulgamyny howanyň üýtgemegine has durnukly görnüşde ösdürmekde üns berilmeli 4 ugur şulardan ybaratdyr.

 

1. Sil suwlaryndan goramak üçin ýollaryň toprak gatlaklaryny berkitmeli.

 

Ýagyş, gar, ereýän buzluklar we gar süýşmeleri suw joşgunlaryna getirýär. Bu ýagdaýlar adatça, esasy düzümi çagyldan we gumdan ybarat esasy materialyny ýumşadyp bilerler. Beýleki tarapdan, aşa güýçli we dowamly guraklyk hadysalary bu materiallary dargadýar we bu serişdeleri täzeden ýazmaklyk olaryň giň çäklere ýaýramagyna getirýär. Bu aýlanyşyk ýoluň aşagyndaky topragyň ulag hereketindäki basyşlara garşy durmak ukybyny bozýar.

 

Zeýkeş akabalarynyň işini gowulandyrmak, olary wagtal-wagtal arassalamak arkaly suw joşmalarynyň täsirini azaldyp bolar.

 

2. Toprak gatlagynyň durnuklylygyny saklamak üçin ýoluň gyralaryny berkitmeli.

 

Güýçli çagbalar ýollaryň gyralaryny opuryp, howpsuz ulag hereketine zyýan ýetirýär. 

 

Kert eňňitli ýol gyralaryny berkitmek üçin ýörite ýol gurluşyk serişdeleri peýdalanylýar. Muňa mysal hökmünde gözenek şekilindäki beton daşlary we beýleki serişdeler ýollaryň gyralarynyň opurylmagynyň öňüni alyp biler. 

 

Agaç nahallaryny oturtmak ýaly bioinženerçilik çözgütleri hem ýollaryň etekleriniň opurylmagynyň öňüni alyp biler. Bu ykdysady taýdan bähbitli bolsa-da, onuň ýollaryň etekleriniň opurylmagynyň öňüni almakda täsiri çäklidir. Şonuň üçin-de bu usul beton gözenekleri bilen utgaşdyrylyp ulanylanda täsiri has gowy duýlup bilner. 

 

3. Ýollary gyzgyn howadan goramak üçin täzeçil işlenip taýýarlanylan ýol bitumy.

 

Sebitiň köp ilatly ýerlerinde esasan uzak dowam edýän gurak howaly we yzygiderli bolmadyk sowuk günler mahsus. Türkmenistanyň we Özbegistanyň çöl ýerlerinde howa tomsuna 45 gradusa çenli gyzyp, gyşyna bolsa 25 gradusa çenli sowap bilýär. Ýollar bu uly howa üýtgeşmelerine örän ejiz bolýar. Şonuň üçin-de, bu täsirlerde goranmak üçin ýol gurluşygynda polimer garylan bitumly asfalt betonyň ulanylmagy özüniň oňyn netijesini berip biler. Şeýle görnüşli asfaltbeton garyndysy howa gyzanda ýumşaýar, howa sowanda bolsa has gaty görnüşe geçýär. 

 

Täze görnüşli asfaltbetonyň ulanylmagy uly aratapawutly tomus-gyş aýlanyşygynda ýoluň durnuklylygy has-da ýokarlandyrar. Täze görnüşli bitum garyndysy tomsuna gatylygyny, gyşyna bolsa tekizligi üpjün edýär. 

 

4. Gar süýşmelerinden we daş gaçmalaryndan goranmak.

 

Belent dag gaýalarynda toplanan gar esasan çygly we ýokary agramly bolýar. Şeýle görnnüşli toplanan gar bolsa, esasan hereketli dag etek ýollarynyň üstüne gaçagan bolýar. Şeýle gar süýşmelerini azaltmak üçin agaçdan ýa-da polatdan ýörite gorag böwetleri döredilip bilner. 

 

Daglaryň üstünde toplanýan garlaryň eremegi netijesinde, onuň yzy bilen daşlaryň hem gaçmak prosesini güýçlendirýär. Howanyň birden gyzmagy netijesinde çalt ereýän garlar uly göwrümli dag gaýalarynyň gaçmagyna getirip bilýär. Şeýle ýagdaýda dag etek ýollarynyň goraglylygyny üpjn etmek üçin ýörite öňüni alyş çäreleri geçirilip bilner.