Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça çäreler güýçlendiriler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde "Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek üçin ýerine ýetirilmeli çäreler barada" Karara gol çekdi.

 

Resminama, infrastruktura, internet tory we programma üpjünçiligi derejesinde durmuşa geçirilýän çäreler ulgamyny öz içine alýan kiberhowpsuzlygy güýçlendirmek, IT tehnologiýalary boýunça ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga toplumlaýyn çemeleşmegi göz öňünde tutýar.

 

Şeýle hem, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Elektron hökümet” ulgamyny – sanly ulgam esasynda döwlet dolandyryşyny döretmek, maglumatlary gaýtadan işlemegiň, geçirmegiň we ýaýratmagyň serişdeleri boýunça BMG-niň ÖM bilen bilelikde alnyp barylýan bilelikdäki işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.