Gazagystanda täze halkara söwda-logistika merkezi açyldy

Gazagystan bilen Hytaýyň döwlet serhedinde täze halkara söwda-logistika merkezi öz işine başlady.

 

Täze merkez “Dostyk Storage” kompaniýasy we Respublikanyň Döwlet girdejileri komiteti bilen bilelikde guruldy. 

 

Logistika merkezi 13,5 gektar meýdanda ýerleşýär. Şonuň 3,5 gektary ammar jaýlary we infrastruktura, 10 gektary bolsa ýük ulaglarynyň duralgasy hökmünde bölünip berilýär. 

 

Bahasy 2,8 milliard tengeden geçýän bu taslama serhetýaka logistika düzümlerini ösdürmegi we “Alakol” awtomobil serhet geçelgesiniň kuwwatyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

 

Täze ammar mümkinçilikleri «Dostyk» gümrükhanasynyň «Alakol» gümrük nokadynyň kuwwatyny günde 200-den 600-e çenli ýük awtoulagyna çenli artdyrar. Munuň özi ýük dolanyşygynyň günde 4 müňden 12 müň tonna çenli ýokarlanmagyna getirer.