Arkadag şäherinde eltip bermek hyzmatlarynda elektromobiller ulanylyp başlandy

Döwlet ähmiýetli şäherde durnukly ösüş ýolunda nobatdaky ädim ädildi—täjirçilik ýük daşamalary ulgamynda daşky gurşawy zyýansyz elektromobiller ulanylyp başlandy.

 

Arkadag şäheriniň Söwda müdirliginiň hojalyk bölümi RunHorse gongkong holdinginiň Jinma elektromobillerini ulanyşa girizdi. Olar gyzgyn naharlary we azyk önümlerini eltip bermek hyzmatyny amala aşyrýarlar. Şeýle hem sowadyjylar bilen üpjün edilen elektromobiller hereket edýär.

 

Doly zarýad berlen elektromobiller 2-3 sagadyň dowamynda 120 kilometr ýol geçmäge ukyplydyrlar. Daşky gurşawa zyýansyz bolmagy we çalt zarýad almagy durnukly ulag ekoulgamyny ösdürmekde elektromobilleriň artykmaçlyklarydyr.