Özbegistan Türkmenistanyň üstünden Hindistana ulag geçelgesini çeker

Özbegistan Türkmenistanyň üstünden Hindistana täze ulag geçelgesini çekmegi maksat edinýär.

Agentlik ÖzR-niň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrligine salgylanýar. Ministrlikde Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Çabahar portunyň üsti bilen goşulmak arkaly “Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Hindistan” ulag geçelgesini ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Узбекистан запустит транспортный коридор в Индию через Туркменистан

“Gepleşiklerde Özbegistanyň we Hindistanyň söwdasynyň barha artýan mukdaryna hyzmat etmegiň zerurlygy bilen baglylykda döredilýän täze ulag ýolunyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp taýýarlamak barada ylalaşyk gazanyldy. Iki ýurduň arasyndaky söwdanyň möçberi ýakyn geljekde 1 milliard dollara ýeter” diýlip, habarda aýdylýar.

Täze ugur, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň haryt dolanyşygynyň çäklerinde önümleriň iberilişiniň üznüksizligini üpjün etmäge gönükdirilendir, bu bolsa, öz nobatynda, ýylda 3,2 milliard dollar möçberine ýetmegi nazarlaýar.