Türkmenistan Hazarüsti söwda ýoly boýunça bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny maslahatlaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti geçirilýän Hazarüsti söwda ýoly boýunça bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Daşkent şäherinde geçirilýän çärä gatnaşýar.

 

Çäre ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň Täjirçilik hukugy maksatnamasy tarapyndan Hazarüsti söwda ýoluny giňeltmek boýunça taslamasynyň çäklerinde geçirilýär.

 

Degişli çärä türkmen tarapyndan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, hususy ulah-logistika kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Çärä gatnaşmaga Gazagystandan, Gruziýadan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan wekiller geldiler.

 

Hazarüsti söwda ýoly boýunça bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynyň taslamasy ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy özenini düzdi. Onuň netijeli durmuşa geçirilmegi üçin Hazarüsti söwda ýolunyň Energetika we utgaşdyryjy geňeşini döretmek hem-de olaryň wezipelerini kesgitlemek teklip edildi.

 

Gatnaşyjylar şeýle hem ýükleri daşamaga gatnaşýan pudaklaryň işini sanlylaşdyrmak meselelerini hem maslahatlaşdylar.

 

Bu taslama sebitde ykdysady ösüşi we özara arabaglanyşygy ösdürmek boýunça “C5+1 görnüşdäki diplomatiýa gatnaşyklarynyň” maksatlaryna ýetmäge ýardam eder. Taslamanyň çäklerinde halkara söwda ýollaryny ösdürmekde amatly şertleri döretmek üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň, şeýle hem Azerbaýjanyň we Gruziýanyň hususy düzümleriniň teklipleri öwreniler. Bu işler Hazarüsti söwda ýolunyň işini giňeltmäg ylalaşylan sebit tagallalary boýunça täze pikirleri özara alyşmaga, serhetden üstaşyr geçmek we gümrük işini sazlaşykly ýola goýmaga ýardam eder.