Türkmenistan we Russiýa ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgelerini işe girizmegi meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň arasynda 2023–2024-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäginde bilelikdäki işçi toparyň sanly ulgam arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň maksady 2023-nji ýylda özara hereketiň netijelerini jemlemek we 2024-nji ýyl üçin hyzmatdaşlygyň esasy maksatlaryny kesgitlemekden ybarat boldy.
Duşuşygyň dowamynda kärdeşler ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesini döretmek, deslapky maglumat alyşmagy guramak we Ygtyýarly Ykdysady operatorlary özara ykrar etmek boýunça ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň gün tertibinde taraplaryň okuw edaralarynyň işgärleriniň duşuşygyny hem-de okuw çärelerini ýakyn wagtda guramak meselesi, şonuň ýaly-da birek-birek bilen tejribe alyşmak maksady bilen iki tarapyň wekiýetleriniň özara saparlaryny guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar, duşuşygy jemläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.