“Globalink Logistics” kompaniýasy “Turkish Cargo-nyň” Türkmenistandaky agenti boldy

“Globalink Logistics” kompaniýasy ýük awidaşamalaryny amala aşyrmak üçin “Turkish Cargo-nyň” Türkmenistandaky resmi agenti boldy. Bu köp babatda, “Turkish Cargo-nyň” logistika hyzmatlarynyň gerimini giňeltmäge ýardam eder.

 

Bu möhüm hyzmatdaşlygyň esasynda “Turkish Cargo” kompaniýasy özüniň müşderilere hyzmat etmekdäki giň mümkinçiliklerine eýerip, awiadaşamak babatdaky hyzmatlaryny giňelder. “Turkish Cargo” kompaniýasy islendik zerurlyklara aýry-aýrylykda çemeleşmek arkaly işiň netijeligini üpjün edýär.

 

Mundan başga-da, “Turkish Cargo” bilen hyzmatdaşlykda “Globalink Logistics” kompaniýasy diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, Gyrgyzystanda we Gazagystanda hem hyzmatlaryny hödürlär. Bu hyzmatdaşlyk die bir awiadaşamalary däl, eýsem gury ýer arkaly ýükleri daşamak pudagynda hem hyzmatdaşlygy pugtalandyrar.

 

“Globalink Logistics” – bu GDA-nyň we Ýakyn Gündogaryň döwletlerinde ýük daşaýjy kompaniýalar üçin dürli ulag-logistika hyzmatlaryny hödürleýän iri kompaniýalaryň biridir. 1994-nji ýylda döredilen kompaniýanyň daşary döwletlerde 30-a golaý şahamçasy bar. Onuň Türkmenistanda hem şahamçasy bardyr.