Russiýanyň deňiz instituty türkmen hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmakda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki baş konsuly Güýç Garaýew M.P.Dewýataýew adyndaky deňiz-derýa floty institutynyň direktory Ilýas Salahow bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda rus tarapy deňiz-derýa ulagy pudagynda türkmen hünärmenleriniň hünär derjesini ýokarlandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdi. Şunda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulag-logistika pudagynda eýeleýän möhüm orny nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen diplomaty Hazarýaka ýurtlary bilen ulag pudagynda özara baglanyşygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugrudygy bellendi. Garaýewiň belleýşi ýaly, gämiçilik pudagyny ösdürmek üçin Türkmenistanda zerur desgalar guruldy. Bu öz gezeginde ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny zerurlyk hasaplaýar.
Taraplar bilim pudagynyň beýleki ugurlary bilen baglanyşykly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.