GDA-nyň Ulag boýunça işewürlik dialogynyň mejlisinde Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça haryt daşamalary giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ulag boýunça işewürlik dialogynyň ikinji mejlisi geçirildi.

 

Duşuşyk “GDA-nyň Ykdysady ösüş işewürlik merkezi” assosiasiýasy, Transýewraziýa ýük daşamalary boýunça halkara utgaşdyryjy geňeşi hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň ulag boýunça utgaşdyryjy maslahatynyň ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guraldy.

 

Duşuşykda ulag-logistika we gümrük ulgamlarynyň innowasion çözgütlerini ornaşdyrmak, Demirgzyk-Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmek, bu ugur boýunça ýük daşamalaryny artdyrmak we päsgelçilikleri aradan aýyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar suw, demirýol we awtomobil ýollarynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagyň mümkinçiliklerine garadylar.

 

GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Ilhom Nematow ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň Arkalaşygyň çäklerinde ykdysadyýeti ösdürmegiň we özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň esasy bolup durýandygyny belledi.

 

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 100-nji mejlisinde GDA gatnaşyjy döwletleriň çäklerinden geçýän halkara ulag geçelgelerini ösdürmek we infrastruktrasyny gowlandyrmak boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin hereketleriň meýilnamasynyň kabul edilendigini bellemek gerek.