Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa, dokma senagaty önümlerine we elde dokalan halylara isleg bildirildi

26-njy ýanwarda, anna güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda nebithimiýa, dokma senagaty önümlerine we elde dokalan halylara uly isleg bildirildi.

 

Daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri bilen «TPP D 382 BF» kysymly polipropileni hem-de «Y-354» kysymly tehniki uglerody satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

 

Azerbaýjanyň işewürleri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen aşgarlanmadyk nah ýüplügini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

 

Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri türkmen kärhanasyndan arassalanan pagta galyndylaryny satyn aldylar.

 

Içerki bazarda türkmen telekeçileri “Türkmenebit” döwlet konserniniň «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

 

Şeýle hem olar elde dokalan halylary satyn aldylar.

 

Söwdalaryň dowamynda umumy bahasy umumy bahasy 6 102 277,67 manat we 728 298 dollar bolan 9 geleşik baglaşyldy.