2023-nji ýylda Astrahanyň deňiz porty ýük daşamakda rekord görkezijä ýetdi

2023-nji ýylda Russiýanyň Astrahan deňiz porty ýük daşalyşyny bir ýarym esse artdyrmak bilen bu babatda soňky 10 ýylda iň ýokary ýyllyk görkezijä ýetmegi başardy.

 

Sebitiň gubernatory Igor Babuşkiniň mälim etmegine görä, 2023-nji ýylda Astrahan portlarynyň ýük dolanyşygy ondan öňki ýyldakydan 46 göterim ýokarlanyp, jemi 4,3 million tonna deň boldy.

 

Babuşkin şeýle hem Astrahan oblastynyň Ýewraziýanyň ulag ulgamynda wajyp ähmiýete eýe bolan Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesiniň çäklerinde ulag-logistika düzümleriniň işini gowulandyrmakçydygyny aýtdy.

 

Deňiz portunyň ýük geçirijilik kuwwatynyň ýyllyk 3,3 million tonna ýetirilmegi konteýner ýükleri üçin täze ulag merkezini döretmäge şert döreder. Şeýle hem däneli ekinleri gaýtadan işlemek we ösümlik ýagy üçin goşmaça terminallar göz öňünde tutular.