Türkmenistan we Ýaponiýa sanly tehnologiýalaryň çygryndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlygy Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň resmi wekilleriniň Ýaponiýanyň sanly öwrülişik agentliginde zähmet çekýän kärdeşleri bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.

 

Duşuşygyň esasy maksady sanly tehnologiýalar boýunça iki ýurduň bilelikdäki işinden we bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin gyzyklanma döredip biljek ugurlary kesgitlemekden ybarat boldy.

 

Duşuşygyň barşynda tejribe alyşmak, bilelikdäki taslamalary döretmek, bilim maksatnamalaryny işläp düzmek we sanly innowasiýa pudagynda maslahat beriş goldawy ýaly meseleler işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplaryň ikisi hem bu möhüm ugurda ýakyn hyzmatdaşlyga we bilimleri alyşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.

 

Özara gatnaşyklar Türkmenistanda sanly tehnologiýalary ösdürmegiň geljegini we täze mümkinçilikleri açýar, şeýle hem iki ýurduň arasynda özara düşünişmegi, işjeň alnyp barylýan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ýardam edýär. Innowasion taslamalary ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň raýatlaryň durmuşynyň şu ugruny has-da gowulandyrmagyna, şeýle hem sanly ösüş pudagynda öňdebaryjy tejribäniň alyş-çalşygyna kömek etmegine garaşylýar.

 

Bu ädim Türkmenistanyň dünýäniň sanly tehnologiýalarynyň giňişligine işjeň goşulmak islegini görkezýär. Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk iki ýurt üçin hem innowasiýa we tehnologiki ösüşleriň ýolundaky täze gözýetimleri açýar.